milli goshun logo
Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana sapary tamamlandy
Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana sapary tamamlandy
20.03.2019 600 Habarlar

19-njy martda Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýine we Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi.

Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa özünde galan täsirlerini paýlaşyp, zähmetsöýer halyçylarymyzyň zehinine hem-de ussatlygyna ýokary baha berdi, türkmen halylarynyň aýratynlyklary, dokalyşynyň usullary we ulanylýan boýaglar bilen gyzyklandy.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulagy Halkara ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Atçylyk toplumynda Belent mertebeli myhmanyň öňünde abraýly halkara bäsleşikleriň ençemesiniň baýraklaryna mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleri at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Ýurdumyza döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Belent mertebeli myhman şol ýerden watanyna ugrady.