18-nji martda
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we şu gün
ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al
Halifanyň arasynda gepleşikler geçiriler.
Taraplar şu
gezekki ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde özara hormat goýmak we hoşniýetli
erk-isleg ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm
meseleleri hem-de sebit we halkara syýasatynyň ugurlary boýunça pikir alyşmalary
geçirmegi meýilleşdirýärler.
Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar, munuň özi Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolar.