milli goshun logo
Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde häzirkizaman sowadyjy ammar ulanmaga berildi
Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde häzirkizaman sowadyjy ammar ulanmaga berildi
12.12.2018 899 Habarlar

Bitarap Türkmenistan üçin şanly sene bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.  Dürli maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň guralmagy ýurdumyzyň sebitlerinde adamlaryň abadançylygynyň baş şerti bolan häzirkizaman durmuş-ykdysady düzümiň kemala getirilmegine ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde sebitleriň sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar.  Täze binalaryň öňündäki baýramçylyk mynasybetli bezelen meýdançalarynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dabaralandyrýan aýdym-sazlar ýaýbaňlandyryldy. Ýerli gurluşyk kärhanalarynyň has tapawutlanan işgärlerine baýramçylyk mynasybetli ýörite sowgatlar gowşuryldy. 

Düýn paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde täze häzirkizaman sowadyjy ammar ulanmaga berildi. Ol birbada 2 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenendir.  Obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi, ýylyň tutuş dowamynda halkymyzy ter gök we miwe önümleri bilen üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Gök önümleri saklamaga niýetlenen hil taýdan ýokary ulgamyň döredilmegi hut şu meseleleriň çözgüdine gönükdirilendir.  Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda “Ýüpek ýoly täjirçilik” we “Röwşen” hususy kärhanalaryň bina eden bu desgalary Germaniýanyň, Gollandiýanyň we Türkiýäniň iň kämil ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.  Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyjy ulgam onda zerur bolan howa ýagdaýyny, çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Olarda goýulýan gök önümleriň we miweleriň görnüşine laýyklykda sowadyjylar degişli tertipde işledilýär. Bu desga aýratyn awtomatik sowadyjy ulgam bilen enjamlaşdyrylyp, ol sogan we ýeralma saklamaga niýetlenendir. Onuň enjamlaşdyrylyşy önümleri uzak wagtlap ýokary hil derejesinde saklamaga mümkinçilik berýär.  Desganyň esasy bölegi 23 sowadyjy bölümden ybaratdyr. Olaryň 12-si miweleriň, 7-si gök önümleri we 3-si bolsa deslapky doňduryjy, biri bolsa has çuňňur doňduryjy bölümlerden ybaratdyr. Binada önümleri seljermek, gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgam oturdyldy. Binalaryň hemmesi gök we miwe önümlerini saklamak üçin niýetlenen tekjeler we ýörite gaplar bilen üpjün edildi. Olary alyjylara ýetirmek üçin kärhanada ýük ýükleýji elektrokaralar we dürli agramdaky awtosowadyjylar bar. 

Toplumyň edara ediş binasynda ammarlara getirilýän we bu ýerden söwda merkezlerine, bazarlara ugradylýan gök we miwe önümleriniň hilini barlamaga niýetlenen barlaghana hereket edýär.  Täze binanyň açylyş dabarasy mynasybetli onuň ygtyýaryna 4, 12 we 25 tonnalyk täze sekiz sany awtosowadyjylar we dört sany awtokarlar hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşuryldy.