26-njy martda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen
mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerindäki işler barada
hasabat berdi hem-de «Söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara
ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibiniň» täzeden işlenilen
taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Bu resminama Dokma senagaty
ministrliginiň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň söwda
toplumyna geçirilmegi bilen baglylykda taýýarlanyldy we Diýarymyzyň dokma
hem-de haly önümlerini daşary bazarlarda işjeň öňe ilerletmäge, şunuň bilen
baglanyşykly amallary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Wise-premýeriň belleýşi
ýaly, taslamada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal aýdan
bellikleri we teklipleri göz öňünde tutuldy.
Soňra ilatyň sarp edýän giň görnüşli azyk
harytlaryna bolan isleglerini hem-de olaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün
etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berildi. Bu meseleleri netijeli çözmek üçin degişli pudagara
topar döredildi. Şol topar tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan önüm öndüriji kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýerli
öndürijileri goldamak hem-de höweslendirmek, olaryň mümkinçiliklerini netijeli
peýdalanmak boýunça çäreler işlenilip taýýarlanylýar.
Milli Liderimiz aýdylan teklipleri
makullap, «Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara
ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda»
we «Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de
eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümini
tassyklamak hakynda» Kararlara gol çekdi.