22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow milli Liderimiziň Aziýa we Ýuwaş
ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky tabşyrygynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu sebit ykdysady,
ylmy-tehnologik we senagat taýdan okgunly ösýär. Türkmenistanyň möhüm
hyzmatdaşlarynyň hatarynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň Hytaý Halk
Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly esasy ýurtlary bar. Şol
döwletler bilen deňhukuklylyk, uzak möhletleýin esasda guralýan netijeli
gatnaşyklar ýola goýuldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu
döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek maksady bilen, netijeli syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak,
söwda-ykdysady, ulag, ynsanperwer ulgamlarda hem-de parlamentara derejesinde hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şunda
daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklara, Hökümetara türkmen-hytaý
komitetiniň, Türkmen-ýapon komitetiniň, Hökümetara türkmen-koreý toparynyň
işine, işewür duşuşyklary we forumlary yzygiderli geçirmäge, täze bilelikdäki
taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli
peýdalanmaga hem-de ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş we sport
ulgamlarynda gatnaşyklary höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we ösdürmek boýunça teklip edilýän çäreleri makullap, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.