milli goshun logo
Aziýa oýunlarynda kuraş göreşi boýunça bäsleşikler tamamlandy
Aziýa oýunlarynda kuraş göreşi boýunça bäsleşikler tamamlandy
31.08.2018 1050 Habarlar | Sport

Şu gün XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda kuraş göreşi boýunça bäsleşikleriň jemleýji güni boldy. Olar 90 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda, 78 kg çenli zenanlaryň arasynda geçirildi.

1/8 finalda Mariýa Lohowa örän oňat görkezijiler bilen başlady. Hindi türgen gyzy bilen duşuşykda gazanylan arassa ýeňiş biziň watandaşymyzyň örän oňat tilsim görkezmegi netijesinde tutluşygyň 2-nji minudyndan soň hasaba alyndy.

Hytaýyň Taýbeýiniň wekili bilen çärýek final duşuşygynyň barşynda M.Lohowa utuklar boýunça yzda barýardy, emma şondan soň, ol işjeňleşdi we hasaby deňlemegi başardy. Tutluşygyň tamamlanmagyna birnäçe sekunt galanda eminler onuň bäsdeşine ýene-de bir utuk berdiler, ikinji gezek hasaby deňlemek başartmady. Netijede, biziň türgenimiz bäşinji orny eýeledi.

Guwanç Begaliýew hem şeýle netijäni görkezdi. 1/8 finalda filippinli pälwan bilen tutluşykda oňa netijeli tilsim geçirmek üçin bir minutdan gowrak wagt gerek boldy.

Ýarym finala çykmak ugrunda tutluşykda, Aziýa oýunlarynyň lideri bilen geçirilen duşuşyk türgenleriň ikisi üçin hem çylşyrymly boldy. Biziň pälwanymyz ýeňiş gazanmaga örän ýakyn boldy, emma diňe hasaby azaltmak başartdy, şol sebäpli üstünlik hem gazanylmady.

Kuraş göreşi boýunça ýaryş günleriniň üçüsinde türkmen türgenleri 4 gezek sylaglara ýakynlaşdylar, emma üstünlik biziň tarapymyzda bolmady. Netijede, 4 sany bäşinji orun eýelendi.

Aziadanyň on üçünji güni dzýudo boýunça ýaryşlar dowam eder hem-de sambo boýunça bäsleşikler başlanar.