Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa
Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy
topary bilen duşuşyp, garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.
«D» toparçanyň çäginde Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk
stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz ilkinji minutlardan hüjüm
futboluny öňe sürdi. Toparçada birinji orny eýelemegini dowam edýän milli
ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň oýundan öň belleýşi ýaly,
futbolçylarymyz diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykypdylar.
Şeýlelikde, oýun doly derejede milli ýygyndymyzyň
artykmaçlygynda geçdi. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Rahman Myratberdiýew
(13-nji minut), Elman Tagaýew (53-nji minut) hem-de Meýlis Diniýew (78-nji
minut) dagy tapawutlanmagy başardylar. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň
ýygyndysy myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyndan 4:0 hasabynda üstün
çykdy.
Gazanan wajyp ýeňşinden soň ýurdumyzyň milli ýygyndysy 12
utuk toplady. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 12 utuk
toplamagy başardy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde ýygyndy toparymyz
ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ýygyndy toparymyz paýtagtymyzda
geçirilen duşuşykda Tailandyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykmagy
başarypdy. 6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy toparçada üçünji, utuk
toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bolsa dördünji orunda
ornaşdylar.
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary nobatdaky, aýgytly
duşuşygyny myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysy bilen geçirer. 2026-njy ýylyň
31-nji martynda geçiriljek bu duşuşykda ýygyndy toparymyza toparçadan çykmak
üçin deňme-deň oýnamagyň hem ýeterlikdigini bellemek gerek.
Saýlama oýunlaryň çäginde 6 toparçanyň ýeňijileriniň Saud
Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin
ýollanma alýandyklaryny ýatladýarys.