12-nji aprelda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer G.Myradow şu
ýylyň ýanwar-mart aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada
hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda
ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Makroykdysady
görkezijiler munuň subutnamasydyr. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim
derejesinde üpjün edildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly tölenildi.