Ýurdumyza
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda
öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.
Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler
we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri
desgalarda ulanylar.
Geçen ýylyň
iýun aýynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, resminama laýyklykda,
ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan «KAMAZ»
kompaniýasyndan awtomobilleriň hem-de ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň
jemi iki müňe golaýy satyn alnar. Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň iri awtoulag
kärhanasyndan «KamAZ 6520» ýüküni özi düşürýän awtoulaglaryň eýýäm 181-si
alyndy.