Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary»
agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň welaýatlaryndaky
şahamçalarynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada
«Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrabynyň merkezinde elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan
awtotürgenleşik meýdançasynyň we beýleki degişli desgalaryň açylyş dabarasynda
çykyş edenler ulag serişdeleriniň sürüjilerini ýol hereketiniň howpsuzlygyny
üpjün etmek boýunça halkara ülňülere laýyklykda taýýarlamak we gaýtadan
taýýarlamak işini kämilleşdirmekde bu täze toplumyň möhüm ähmiýete eýe
boljakdygyny bellediler. «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary
tarapyndan gurlan awtotürgenleşik meýdançasy we desgalar jemi dört gektar
meýdanda ýerleşýär. Ýöriteleşdirilen binada bir wagtda 300 diňleýjä niýetlenen
okuw otaglarynyň 10-sy bar. Diňleýjileri kabul ediş we synag otaglary hem
döwrebap derejede enjamlaşdyrylan. Bu ýerde lukmançylyk, iş we beýleki kömekçi
otaglar-da ýerleşýär.
Balkanabat şäherinde-de awtotürgenleşik
meýdançasynyň we beýleki degişli desgalaryň açylyşy boldy. Bu ýerde birbada 300
adama okuw sapagyny geçmäge mümkinçilikler döredilen. Umumy meýdany 5 gektardan
gowrak bolan toplum kompýuter, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen
üpjün edildi.
Daşoguz şäherindäki açylyş dabarasyna il
sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri,
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň jogapkär işgärleri, şeýle-de şäheriň köp
sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýat merkeziniň demirgazyk künjeginde
ýerleşýän täze awtoulag mekdebinde edara ediş we okuw jaýy, türgenleşik
meýdançasy bar. Esasy binada ýaşlaryň awtoulaglara erk etmegi, ýol hereketiniň
düzgünlerini kämil öwrenmegi üçin zerur okuw esbaplary hem-de enjamlar bilen
üpjün edilen otaglaryň 20-si ýerleşýär.
Lebap welaýatynda täze desgalar toplumy we
awtotürgenleşik meýdançasy welaýat merkeziniň iň gözel künjekleriniň birinde, 4
gektar meýdanda ýerleşýär. Onda 300 orunlyk awtoulaglar mekdebi, okuw jaýy,
dispetçeriň otagy, barlag-goýberiş nokady, awtoulaglar üçin ýerler, awtoýuwalga
we beýleki kömekçi desgalar bar.
Mary şäherinde hem şeýle desgalar toplumynyň açylyş dabarasy ýurtda giňden bellenilýän ajaýyp baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdy. Toplum 4,9 gektar meýdanda ýerleşýär diýlip, habarda bellenilýär.