Şu
gün «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara
Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik
komissiýasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň
mejlisleri, şeýle-de «Awaza» toplumynyň kiçi mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
GDA
gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Türkmenistanda
guralýan mejlisiniň taryhy ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Çünki ol Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda
geçirilýär. Mejlisiň ýene-de bir möhüm aýratynlygy onuň öň ýanynda BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň degişli gün tertibinde «Birleşen Milletler
Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly
Kararnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa sebitleýin dialoga
we GDA agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam bermekde Arkalaşygyň
goşandynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Çykyşlarda
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň parlament ýolbaşçylarynyň we
wekilleriniň mejlislerini geçirmäge döredilen ýokary derejeli şertler üçin
Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirildi. Mejlisde
onuň gün tertibindäki birnäçe meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Şol
meseleler Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynyň işiniň degişli ugurlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy baradaky maglumatlary, «Ählumumy saglygy
goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» ady bilen geçirilen ikinji
halkara maslahatyň netijelerini, 9-njy oktýabrdaky GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň, 7-nji oktýabrdaky GDA-nyň daşary işler
ministrleriniň Geňeşiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda
synçy derejesini bermek, Arkalaşyga agza döwletlerde saýlawlara gözegçiligi
guramak hakynda meseleleri öz içine aldy.
Çykyşlarda
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy
baradaky maglumatlar diňlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çykyşynda
bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri GDA-da
resmi taýdan başlyklygyny üstünlikli amala aşyrýar. Degişli Konsepsiýa
laýyklykda, şu ýylda parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we ulag integrasiýasy,
sanlylaşdyrmak, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly esasy bäş ugur
boýunça birnäçe iri halkara çäräni geçirmek meýilleşdirildi. Konsepsiýa BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibiniň «BMG-niň hem-de sebit we
beýleki guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly 126-njy bendi boýunça
guramanyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Ýylyň
dowamynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň demir ýol ulgamy boýunça Geňeşiniň 84-nji
mejlisi, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, ykdysady Geňeşiň 111-nji
mejlisi ýokary derejede guraldy. Olarda senagat kooperasiýasyny ösdürmek, ulag
howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýalary kesgitlenildi. Şeýle hem
medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleriň dowamy hökmünde Aşgabat şäherinde GDA agza
döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisi ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa
GDA agza ýurtlaryň jemgyýetçilik teleradioýaýradyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
nobatdaky mejlisi, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli
guraldy.
9-njy
oktýabrda Awazada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýylyň möhüm syýasy wakasy boldy. Sammitiň
dowamynda Arkalaşygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan taryhy Beýannama we birnäçe
beýleki resminamalar kabul edildi. Türkmenistanyň GDA-da başlyklygynyň netijeli
işi şu ýyl tamamlanýança dowam eder. Bu döwürde ykdysady gatnaşyklary has-da
pugtalandyrmak üçin GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisi guralar.
Bilelikdäki hyzmatdaşlyk esasynda geçirilýän çäreler durnukly ykdysady ösüş,
ekologiýa abadançylygy, halklaryň arasyndaky taryhy dostluk köprülerini
berkitmek üçin berk binýady döredýär.
Bellenilişi
ýaly, parlamentara hyzmatdaşlyk GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy,
durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmegiň ygtybarly gurallarynyň biridir.
Ýylyň dowamynda geçirilen çärelerde kabul edilen çözgütleri amala aşyrmak öňde
täze wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri öz wagtynda we doly ýerine ýetirmek üçin
kanun çykaryjy edaralaryň utgaşdyrylan, maksadalaýyk işi zerurdyr. Türkmenistan
hemişelik Bitarap döwlet hökmünde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy bilen alnyp
barylýan oňyn gepleşiklere ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Mejlisi
öňdebaryjy kanunçylyk tejribesini üns bilen öwrenýär we mundan beýläk-de
ýurtlaryň umumy bähbitlerine laýyk gelýän ugurlarda işjeň parlamentara
hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär. Çykyşda Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýolbaşçylaryna
Arkalaşyga başlyklygynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlaryny hem-de
tekliplerini işjeň goldandyklary üçin hoşallyk bildirildi.
Gün
tertibiniň meselesi boýunça beýan edilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary
we Durnukly ösüş maksatlary» ady bilen geçirilen ikinji halkara maslahatyň
netijelerine bagyşlanan çykyşa hem möhüm orun berildi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň
oktýabrynda «Awaza» kongresler merkezinde geçirilen bu halkara maslahat
ählumumy saglygy goraýşyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin
netijeli meýdança öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş
ministrlikleriň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň
ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar, bilermenler gatnaşdylar. Häzirki wagtda
saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biridir. Adamyň saglygy diňe her bir
raýatyň binýatlaýyn hukugy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, zähmet öndürijiligini
we döwletiň durmuş taýdan durnuklylygyny kesgitleýän esasy ykdysady serişde
bolup durýar. Ýokary hilli, elýeterli lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamy döredilmezden,
durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak mümkin däldir. Şunuň bilen baglylykda,
forumyň dowamynda beýan edilen teklipler ählumumy gün tertibini durmuşa
geçirmäge möhüm goşant bolar.
Awazada
geçirilen halkara maslahatyň netijeleri GDA-nyň çäginde saglygy goraýyş
ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmak, adam mümkinçiligini, ýaşaýşyň hilini
gowulandyrmak üçin berk binýady döretdi. Şol bir wagtyň özünde, forumyň
netijeleri ýurtlaryň milli parlamentleri, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy
tarapyndan bu ugurda amala aşyrylmaly işleri has aýdyňlaşdyrdy. Şol maslahatda
öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge we raýatlaryň abadan hem sagdyn geljegini bilelikde gurmaga
ýardam eder.
GDA-nyň
parlamentarileriniň Awaza duşuşygynyň möhüm meseleleriniň biri-de
Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermekden
ybarat boldy. Bu baradaky çykyşda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň
deňhukukly agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň,
ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasylaryna goşulandygy, dünýä bileleşigi
tarapyndan tassyklanan resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň öz halkara borçnamalaryna
berk eýerip, milli kanunçylyga, hukuk ulanyş tejribesine umumy ykrar edilen
halkara kadalary yzygiderli ornaşdyrýandygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan,
Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen birek-birege
hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan
hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň
halkara giňişlikdäki ornuny berkitmek hem-de parlamentara gatnaşyklary täze
derejä çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işler döwletimiziň
halkara abraýyny artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň
Mejlisiniň dünýäniň iri parlamentara guramalary bolan Parlamentara Birleşik,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen
alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy babatda uly
tejribe toplandygyny subut edýär. Munuň özi sebitara we halkara guramalaryň
çäklerinde täze görnüşdäki gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup
hyzmat edýär.
Türkmenistan
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar
edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, halkara we sebit
hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallaryny peýdalanyp, häzirki döwrüň möhüm
meseleleri bоýunçа işjeň dialogyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň
pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Bu ugurda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy
bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir.
Soňky
ýyllarda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
ulag-aragatnaşyk, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky
hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Döwletimiz Arkalaşygyň
degişli geňeşleriniň, komissiýalarynyň, komitetleriniň, beýleki düzümleriniň
işlerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi
bolsa Arkalaşygyň giňişliginde netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öne sürmek üçin giň mümkinçilikleri
döredýär. «Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň GDA-nyň Parlamentara
Assambleýasynyň mejlislerine, dürli derejedäki çärelere yzygiderli gatnaşmagy
taraplaryň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň berk binýadyny emele
getirdi. Gazanylan bu tejribe, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ösüşi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesini almagy
üçin hemmetaraplaýyn we esasly şertleri döretdi» diýlip çykyşda nygtaldy.
Mejlise
gatnaşyjylar çykyşy ünsli diňläp we sese goýlanda goldap, Türkmenistanyň
Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesini berdiler. Şeýlelikde, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilen mejlisde resmi ýüztutmanyň goldanylyp,
Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesini bermek baradaky
çözgüdiň kabul edilmegi döwletimiziň daşary syýasy ugruna, hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyna, GDA-nyň çäklerindäki diplomatik gatnaşyklaryna doly laýyk
gelýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň 1992-nji ýylda döredilen bu düzümde synçy
derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde parlamentara
gatnaşyklary ösdürmäge, milli kanun çykaryjylyk işinde halkara we sebit
tejribesini öwrenmäge, parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanmaga, parlamentara dialogy ösdürmäge, halkara, sebit meseleleri boýunça
parlamentleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça şertleri döreder.
Mejlisiň
dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülmegine, Parlamentara Assambleýanyň
2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna hem-de beýleki meselelere degişli çykyşlar
diňlenildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
*
* *
Şu
gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Berkarar» myhmanhanasynda
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy
meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisi
geçirildi.
Bu
komissiýa GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň döredilen ilkinji ýyllaryndan bäri
işleýän esasy düzümleriň biridir. Ol GDA agza döwletler üçin zerur kanunlaryň,
halkara şertnamalaryň we möhüm syýasy wakalaryň, şol sanda parahatçylygy,
ynanyşmagy berkitmek boýunça Assambleýanyň beýannamalarynyň taslamalaryny
taýýarlaýar. Onuň Awazada geçirilen şu gezekki mejlisiniň gün tertibindäki
meseleler boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara
Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň
ýolbaşçysy saýlandy, şeýle hem 2026-njy ýylda «Hakyda otlusy» atly medeni-bilim
maksatly taslamanyň ýerine ýetirilişine, Pnompende geçirilen (Kamboja
Patyşalygy) parlamentleriň ýolbaşçylarynyň ikinji parlamentara maslahatynyň
netijelerine we Ýewraziýa howpsuzlygynyň gurluşyny kemala getirmek boýunça
başlangyjyň parlament ölçegleriniň ilerledilişine, Türkmenistanyň Mejlisine
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek
meselesine, zyýan ýetiriji maglumatlaryň ýaýradylýan döwründe dogruçyllygy we
ynanyşmagy hem-de halkara ynsanperwer işleriň üpjün edilmegine, 2026-njy ýylda
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine, «Terrorçylyga
garşy durmak maksatlarynda we radikallygyň we ekstremizmiň öňüni almakda emeli
aňyň hem-de täze tehnologiýalaryň ulanylyşyny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek»
ady bilen geçirilen halkara maslahatyň netijelerine, halkara parlament
guramalarynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň işlerinde
bu guramalaryň çäreleriniň we hereketleriniň utgaşdyrylyşynyň netijelerine,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Parlament Birleşiginiň
Maslahatynyň 20-nji mejlisiniň netijelerine we Parlamentara Birleşigiň 153-nji
Assambleýasynyň netijelerine garaldy.
Çykyşlarda
GDA-nyň giňişligindäki syýasy durnuklylyk, sebitleýin howpsuzlyk, ynanyşmak we
hyzmatdaşlyk çäreleri, abraýly halkara guramalaryň parlament düzümleri bilen
gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda
Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy
derejesini bermek baradaky meselä garalmagynyň ähmiýeti barada diňlenen
çykyşlarda bu başlangyjyň GDA ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklary has-da
işjeňleşdirmäge gönükdirilendigi nygtaldy.
Şeýle-de
mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy
meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň nobatdaky
mejlisini geçirmegiň möhletine degişli meselä garaldy.
*
* *
Şu
gün «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara
Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisi-de
geçirildi.
Bu
komissiýa Assambleýanyň kanun çykaryjylyk işini utgaşdyrýan esasy düzümleriniň
biridir. Onuň mejlislerinde GDA-nyň çäginde baglaşylýan halkara şertnamalaryň
hukuk seljermesi geçirilýär, beýleki hemişelik komissiýalar tarapyndan
taýýarlanylan kanun taslamalarynyň hukuk kadalaryna laýyklygy barlanylýar.
Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary
Arkalaşyga agza döwletleriň milli kanunçylygyny ýakynlaşdyrmak we sazlaşdyrmak
maksady bilen, nusgawy kanunlaryň we kodeksleriň taslamalaryny işläp düzmekden
ybaratdyr. Bu resminamalar raýat, jenaýat, dolandyryş, maşgala we zähmet hukugy
ýaly giň ugurlary öz içine alýar. Bu komissiýanyň kabul edýän kanunlary GDA
agza ýurtlaryň parlamentleri üçin maslahat beriji häsiýete eýe bolup, milli
kanunlary taýýarlamakda esasy gollanma hökmünde peýdalanylýar.
Türkmenistanyň
GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilen GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik
komissiýasynyň nobatdaky mejlisinde-de degişli kanun taslamalaryna hem-de
guramaçylyk-hukuk meselelerine garaldy.
20-nji
noýabrda «Awaza» toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçiriler.