12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy
sebitdäki işewürlik gatnaşyklaryny bütinleý täze derejelere ýetirmäge
gönükdirilen birinji Hazar ykdysady
forumyny kabul eder. Oňa hökümet agzalary, ministrlikleriň we döwlet
edaralarynyň ýolbaşçylary, sebitleriň, banklaryň, kompaniýalaryň, senagatçylar
we telekeçiler birleşiginiň ýolbaşçylary we başgalar gatnaşar.
Hazar deňziniň gory onuň kenaryndaky döwletler üçin
bir-birege peýdaly birnäçe ykdysady mümkinçilikleri açýar. Olaryň ara alyp
maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi ilkinji gezek biziň ýurdumyzda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ykdysady
forumyň geçirilmeginiň netijesinde amala aşyrylar.
Geçiriljek çäre V Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň
duşuşygyndan soň ilkinji uly umumysebitleýin çäre bolýandygy sebäpli, ol
aýratyn ähmiýete eýedir. Soňky duşuşykda söwda-ykdysady pudagyna degişli gol
çekilen şertnamalary we Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň kabul
edilendigini ýatlasak bolar. Birinji Hazar ykdysady forumy bu gazanylan
şertnamalaýyn hukuk esaslarynyň mümkinçiliklerinden sebitiň telekeçileriniň
peýdalanmagyna mümkinçilik açar.
Konferensiýanyň çäklerinde bilelikdäki inwestision
meýilnamalar we maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşylar, erkin ykdysady
zolaklarda söwda gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri boýunça tejribe alşylar. Şeýle
hem forumda garaljak meseleleriň arasynda sanly ykdysadyýet pudagyndaky
aragatnaşyklary ösdürmek we bilelikdäki kärhanalary döretmek meseleleri wajyp
ähmiýete eýe bolar.
Forumyň ahyrynda işewür toparlaryň we
kompaniýalaryň duşuşyklarynyň çäklerinde birnäçe sebitdäki ykdysady
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we sebitiň ählitaraplaýyn kuwwatyny iş ýüzüne
geçirmäge ýardam berjek resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.
«Milli goşun».