milli goshun logo
Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty: türkmen türgenlerinden 9 medal
Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty: türkmen türgenlerinden 9 medal
24.11.2023 532 Sport

Aşgabat şäherimizde Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýän günlerde Meksikadan hem hoş habar gelip gowuşdy. Dostlukly döwletiň Gwadalahara şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar. Olaryň 2-si bolsa altyn medaldyr.

Bu medallaryň altysyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gaýgysyz Töräýew bilen Şahzadbek Matýakubow, üçüsini bolsa paýtagtymyzdaky «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Änamjan Rustamowa gazandy. 

Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionatyna 44 döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Şeýle giň wekilçilikli ýaryşda türkmen türgenleriniň 10-a golaý medal gazanyp bilmekleri guwandyryjy netijedir.