5-nji aprelda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow gözegçilik edýän
edaralarynda işleriň ýagdaýy hem-de ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek
maksadynda görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
gaýtadan işlenen «Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine
laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini kesgitlemegiň
tertibiniň» taýýarlanandygyny habar berdi.
Bu resminamanyň taslamasynda hereket edýän kanunçylygyň
düzgünleri, bu ulgamda milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklary we halkara
tejribesi nazara alyndy. Kadalaşdyryjy nama Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi bilen ylalaşyldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň önümçilik toplumlarynda
tehniki hadysalaryň öňüni almagyň, işgärlere şikes ýetmegi bilen baglanyşykly
ýagdaýlaryň döremezligini üpjün etmegiň döwlet ätiýaçlandyryş edaralarynyň
öňünde durýan esasy wezipedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň
döwrüň talabyna we halkara ölçeglerine laýyk derejede ýola goýulmalydygyny
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçiligi çäkli adamlar
barada döwletimiz tarapyndan uly alada edilýändigini aýdyp, olaryň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki
desgalarda olar üçin amatly durmuş gurşawyny döretmek boýunça asylly işleriň
geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullady hem-de degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.