24-nji aprelde
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda,
paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz
Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan
söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy»
we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.
Bu ýokary
sylaglar we hormatly atlar olara atçylygy ösdürmäge goşan goşandy, halkymyzyň
milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny, hil derejesini
saklamakda, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren
hyzmatlary hem-de hünär ussatlygy göz öňünde tutulyp gowşuryldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atçylyk pudagynda has tapawutlanan
işgärlere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde
ýerleşýän «Kärizek» geňeşligindäki Aba Annaýewiň adyny göterýän döwrebap obanyň täze öýleriniň
açarlary gowşuryldy.