milli goshun logo
GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ ÇÄKLERINIŇ YGTYBARLY GALKANY
GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ ÇÄKLERINIŇ YGTYBARLY GALKANY
27.09.2022 2066 Harby özgertmeler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýöriş ýurdumyzyň günbatar sebitinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda Harby-deňiz güýçleriniň düzümindäki söweşjeň gämileriň dabaraly ýörişi bilen dowam etdi. Bu dabara Döwlet münberiniň öňündäki monitor arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirildi. Olar ýurdumyzyň deňiz çäkleriniň synmaz galkany bolup, Hazar deňzimiziň asudalygyny goraýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gämileriniň dabaraly harby ýörişi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň deňiz kenarlarynyň ygtybarly goralýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Söweşjeň gämileriň kerweniniň başyny «Deňiz han» atly korwet kysymly gämi çekdi. Onuň yzy bilen Harby-Deňiz Güýçleriniň esasy urgy güýji bolup durýan, iň häzirki zaman ýaraglar bilen üpjün edilen «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri geçdiler. Soňra Harby-Deňiz Güýçleriniň düzümindäki garşydaşyň suwasty, suwüsti we howa nyşanlaryna garşy göreşmek, gözleg-halas ediş işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenen gämileridir katerleri harby ýörişi dowam etdiler. Deňiz çäklerimiziň ygtybarly goragyny üpjün edýän harby gämileriň dabaraly ýörişi baýramçylyk dabarsynyň ruhubelentligini goşalandyrdy. Olaryň ýaraglanyşy, enjamlaşdyrylyşy hem-de tehniki aýratynlyklary ýokary derejede bolup, bu harby söweşjeň gämiler ýurdumyzyň deňiz çäkleriniň we kenarýaka serhetleriniň goragyny talabalaýyk alyp barmaga, tutuş Hazar deňziniň çäklerinde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýärler.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!
 

«Milli goşun»