6-njy iýulda
Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça
Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika
Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen
duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn
syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem
medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň netijeli ilerledilmegi boýunça gazanylan
üstünlikler bellenilip geçildi.
Taraplar
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň ähmiýetli
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, onda sebitleýin hyzmatdaşlygyň,
durmuş-ykdysady ösüşiň, energetiki howpsuzlygynyň, oňyn maýa goýum şertleriniň
döredilmeginiň we ekologiýa meselelerini bilelikde çözmegiň wajyp orny
bellenilip geçilendir. Taraplar şeýle hem
Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen
bir hatarda ulag ulgamlaryny we sebitleýin energetika infrastrukturasyny
ösdürmek boýunça wajyp taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar we bilelikdäki
strategiki maksatlaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler.
Gepleşikleriň
jemleri boýunça taraplar «Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetini
döretmek, onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Ýewropa Birleşiginiň, Atom Energiýasy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň
arasynda ylalaşyga» gol çekdiler, bu bolsa gatnaşyklaryň çäklerindäki ähmiýetli
waka boldy.
Soňra ÝB-niň
we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçirilen duşuşygyň
jemleri boýunça guralan brifinge gatnaşdylar, oňa Türkmenistanda işleýän
diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem
habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Günüň birinji
ýarymynda hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
tarapyndan kabul edildi.