milli goshun logo
Aşgabatda ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
Aşgabatda ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
23.05.2019 735 Habarlar

Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan 4 sany jaý, şeýle hem Büzmeýin etrabynda gurlan seýilgäh ýaşaýjylara ajaýyp sowgat boldy.

Bu şäherçedäki üç jaýyň her birinde 108 öý we beýlekisinde 54 öý bar. Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara amatly öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Öýleriň her biri otaglarynyň oňaýly ýerleşdirilişi, belentligi, enjamlaşdyrylan giň aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem jaýlaryň kömekçi desgalary we meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.

Gurluşykçylar täze jaýlary göçüp gelmäge taýýarlamak bilen bir hatarda, ýanaşyk ýerlerini hem abadanlaşdyrdylar. Şol ýerde ýaşaýyş-durmuş düzümleri üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Köçeler asfaltlanyldy, yşyklandyryş ulgamy çekildi. Bag nahallary we dürli güller ekildi.

Soňra paýtagtymyzyň Parahat —7 ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we döwrebap ýollar bilen bilelikde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-siniň we häzirki zaman seýilgähiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.