milli goshun logo
Aşgabatda Wena joşgalaňy: on ýyldan soň
Aşgabatda Wena joşgalaňy: on ýyldan soň
29.07.2021 778 Habarlar

On ýyl mundan öň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda ilkinji Wena joşgalaňy geçirildi. Ol ýubileý ýylyň iň dabaraly wakalarynyň biri bolupdy. Awstriýa üçin adaty, Türkmenistan üçin bolsa täzelik bolan bu çäräniň başlangyjyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen, Awstriýa – Türkmenistan jemgyýeti ýola goýdy. Bilşimiz ýaly, Awstriýanyň paýtagty ençeme asyrlar bäri dürli-dürli joşgalaňy bilen meşhurdyr. Bu aýdym-sazly, walsly dabaraly baýramçylygy dünýäniň ençeme şäherlerinde-de geçirilýär. Wena joşgalaňy ÝUNESKO tarapyndan maddy däl medeni miras sanawyna girizilendir.

2011-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň öňündäki meýdança Aşgabatda ilkinji Wena joşgalaňy geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alnypdy, çünki ol ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan medeniýet wekilleri birnäçe gezek çykyş edipdiler.

Şondan bäri geçen ýyllarda Wena joşgalaňy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmeginde möhüm wakalary alamatlandyrýan Türkmenistan – Awstriýa medeni gepleşikleriniň däbine öwrüldi. Meselem, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen dördünji Wena joşgalaňy Ýewropadaky ýeke-täk Türkmen – Awstriýa simfonik orkestri bolan «Galkynyşyň» ýyllyk baýramçylygyna gabatlanypdy. Wena joşgalaňyna gatnaşmak üçin, Awstriýadan türkmen paýtagtyna tanymal opera bagşylaryny we tansçylary özünde jemleýän ýörite wekiliýet gelipdi. Agşam Iogan Ştrausyň, şeýle hem türkmen kompozitorlary Weli Muhadowyň, Aman Agajykowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýlekileriň eserleri ýaňlanypdy.