2019-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň
derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine
Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu
ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň
arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky
gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň özara
saparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy şerti bolup durýandygy
bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda koreý tarapy Türkmenistan bilen
gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň daşary
syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ol
geljek aýda Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändir. Bu mazmunda
taraplar bu sapara taýýarlyk bilen bagly bolan meseleleri ara alyp
maslahatlaşdylar. Has takygy, saparyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän
resminamalaryň bukjasyna seredildi. Şeýle hem nobatdaky saparyň
guramaçylyk-protokol meselelerine garalyp geçildi.
Şeýle hem gepleşikleriň barşynda Koreýa Respublikasynyň işjeň hyzmatdaşlyk etmek isleýän türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry bellenilip geçildi. Olar – suw, ulag we energetika diplomatiýasydyr. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary we koreý tarapynyň bu ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy nygtaldy.