2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda
türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin
Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli
wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we
pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň
ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde türkmen tarapyndan «Тürkmengaz»
Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary,
şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Döwlet daşary ykdysady iş
bankynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Bahreýn tarapyndan Patyşalygyň Milli Nebit
müdirliginiň, Milli gaz edarasynyň, Energetika we suw meseleleri boýunça
ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat
edarasynyň we Merkezi bankynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Taraplar öz çykyşlarynda aýratynlykda nebitgaz, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa, bank we azyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny jikme-jik beýan etdiler. Şeýle hem Türkmenistanda we Bahreýnde ýangyç-energetika we gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň bardygy hem-de olaryň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin esas bolup durýandygy bellenilip geçildi. Çykyşlar tamamlanandan soň, resminamalar bukjasyna gol çekildi.