milli goshun logo
Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary
Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary
08.05.2021 1845 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 54-nji «Teke bazar – Arkadag oteli» we 70-nji «Parahat – D.Azady metjidi» awtobus ugurlary açyldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

54-nji «Teke bazar – Arkadag oteli» ugur boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «M.Kaşgary köçesi – D.Azady köçesi – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçesi – A.Nowaýy köçesi – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýolyndan günbatara aýlanyp, Bekrewe şosse – Arçabil şaýoly aýlawyndan» yzyna «Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçesi – A.Gowşudow köçesi» bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

70-nji «Parahat – D.Azady metjidi» ugur boýunça awtobus «Parahat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «A.Garlyýew köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – N.Andalyp köçesi – Hoja Ahmet Ýasawy köçesin yzyna aýlanyp, N.Andalyp – Arçabil şaýoly – Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden aýlanyp» hem-de yzyna «Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – A.Garlyýew köçesi» bilen hereket edip, «Parahat» belleniş nokadyna gelýär.

«Milli goşun».