Şu gün
paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA)
hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň
hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň,
şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň,
Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Gatnaşyjylaryň
giň wekilçilikli düzümi Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze
arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmaga
mümkinçilik berýär.
...Açylyş
dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň SPECA
hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy
okaldy.
Soňra forumyň
plenar mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlisde çykyş edenler
Türkmenistanyň SPECA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen
başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen tarapynyň
wekilleriniň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, sebit arabaglanyşygynyň, hususan-da,
energetika, ulag, söwda ýaly esasy ugurlarda özara baglanyşygyň
pugtalandyrylmagy häzirki ählumumy geosyýasy we geoykdysady şertlerde möhüm
ähmiýete eýe bolýar.
Plenar mejlisiň
ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de netijeli
dialoga döredilen şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Aşgabatda
kabul ediljek çözgütleriň SPECA formatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmak üçin ýolgörkeziji boljakdygyna ynam bildirdiler.
Arakesmeden soňra
forum öz işini «Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara
baglanyşygy» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Çykyşlarda ählumumy
energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm halkasy hökmünde Merkezi Aziýa
sebitiniň eýeleýän ornuna üns çekildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda
mejlise gatnaşyjylar eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we köpşahaly
infrastrukturany döretmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Türkmen tarapynyň
wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, energetika milli ykdysadyýetimiziň esasy
pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz täze elektrik
stansiýalaryny gurmak, elektrik energiýasyny öndürmek, ony goňşy ýurtlara
eksport etmek boýunça öňdäki orunlara çykdy.
Soňra forum
«Durnukly ösüş üçin strategik garaýyş» atly mejlis bilen dowam etdi. Mejlisiň
çäklerinde BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini
durmuşa geçirmegiň integrirlenen çemeleşmelerini işläp taýýarlamak meselelerine
üns berildi.
Forum 22-nji
ýanwarda öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam eder.