24-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda
IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni
durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň
arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi.
Bu çäräniň
geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky
medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň
pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Däbe görä,
Wena baly Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda
geçirilýär.
Aşgabatda geçirilen nobatdaky Wena baly oňa gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, medeniýetiň we sungatyň çäkleri we aralyklary geçmäge kömek edip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, sazlaşyga we gözellige, ýagşylyga we rowaçlyga tarap ymtylmagynda olary birleşdirýändigi baradaky hakykaty inkär edip bolmaýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.