Şu gün
paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady.
Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan
edýär.
...Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň
Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky
diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri
gatnaşdylar.
Dabarada döwlet
Baştutanymyzyň sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly
halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Sergi monitor
arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň 18 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary
barada giňişleýin maglumat berilýär.
Sergide daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler we ýurdumyzyň eksport
kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda gazanylýan üstünlikleri görkezýän diwarlyklar
esasy orny eýeleýär. Myhmanlar durmuş-ykdysady syýasatyň esasyny düzýän “Döwlet
adam üçindir!” diýen şygaryň dabaralanýandygynyň şaýady bolýarlar. Gurluşyk
senagatyna degişli bölümlerde “Derýaplastik”, “Ak bulut” ýaly kärhanalar
şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan innowasion
işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýarlar. Diwarlyklarda görkezilýän ýokary
hilli bezeg serişdeleri, asma petikler, polimer turbalar hili boýunça dünýä
ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň işewürleriniň tehnologik taýdan
kämilleşýändigini tassyklaýar.
Oba hojalyk
pudagyna bagyşlanan bölümler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň barha
pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. “Nurly meýdan”, “Sahabatly” ýaly iri
kärhanalar guşçulyk we maldarçylyk önümleri bilen tanyşdyrýarlar. Bu gün olar
içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşarky bazarlara hem ynamly
çykýarlar. Süýji-köke önümlerini öndürijileriň diwarlyklary önümleriň dürli
görnüşleri bilen gözüňi dokundyrýar. Şolaryň hatarynda “Hasar”, “Misgär” ýaly
kärhanalaryň diwarlyklary aýratyn tapawutlanýar. Azyk önümleriniň önümçiliginde
halkara howpsuzlyk standartlarynyň ulanylmagy türkmen telekeçilerine dünýä
belli haryt nyşanlary bilen üstünlikli bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara ISO hem-de HAССP güwänamalaryna eýe bolmagy
olaryň azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna
şaýatlyk edýär.
Lukmançylyk
senagatynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrýan bölümde Arkadag şäheriniň
lukmançylyk klasteriniň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekilýär. Diwarlyklarda
lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligine ýöriteleşen kärhanalaryň önümleri
görkezilýär. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterinde ýokary tehnologiýaly
önümçiligiň döredilmegi saglygy goraýyş ulgamyny ýokary hilli serişdeler bilen
üpjün etmekde hususy başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açar. Munuň özi
döwletimiziň innowasion senagat zolaklaryny halkymyzyň saglygynyň bähbidine
ulanmaga toplumlaýyn çemeleşýändiginiň güwäsine öwrüler.
Sergide
ulag-logistika pudagynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyrylýar. “Hazar
logistik”, “Ulagly” ýaly kompaniýalar üstaşyr ulag geçelgelerini kemala
getirmekde möhüm orny eýeleýärler. Hususy ýük daşaýjylaryň mümkinçilikleri
bilen tanyşdyrylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän wajyp üstaşyr
ulag merkez hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny açyp görkezýär. Söwda we durmuş
hyzmatlaryna bagyşlanan bölümlerde halkara standartlar boýunça işleýän
supermarketler öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Elektron töleg
ulgamlarynyň, sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy innowasiýalaryň adamlaryň
gündelik durmuşyna giňden ornaşýandygyny tassyklaýar.
Serginiň aýratyn
bölümi amaly-haşam sungatynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanypdyr. Bu ugurda
iş alyp barýan telekeçiler pederlerimiziň bize goýan mirasyny aýawly
saklaýarlar. Nepis haly önümleri, şaý-sepler şöhratly geçmişimiz bilen beýik
geljegimiziň arasynda köpri bolup, myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.
Ekspozisiýa hususy pudagyň sport senagatyny ösdürmäge goşýan goşandyny hem doly
açyp görkezýär. Ýurdumyzda öndürilýän sport egin-eşikleri alyjylaryň arasynda
uly islegden peýdalanýar.
Neşirýat we
çaphana işine bagyşlanan bölümlerde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini
şöhlelendirýän çaphana önümleri görkezilýär. Ýerli çaphanaçylaryň döwrebap
dizaýnerçilik çözgütleri bu ýokary tehnologiýaly pudagyň ösüşiniň ýokary
derejesine şaýatlyk edýär.
Käbir hususy
kompaniýalar energiýa tygşytlaýjy we awtomatlaşdyrylan ulgamlary ornaşdyrmak
boýunça taslamalar bilen tanyşdyrýarlar. Munuň özi türkmen işewürliginiň
“ýaşyl” ösüş ýörelgelerine, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini netijeli
peýdalanmaga ygrarlydyklaryny görkezýär.
Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi milli işewürligiň üstünlikleri
bilen tanyşmak isleýän paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny
bir ýere jemläp, öz işini dowam edýär.
Gözden geçirilişiň
çäklerinde 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara
forum geçiriler. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança
öwrüler. Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar. Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa
gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.