23-nji
noýabrda paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş
dabarasy boldy.
Bu iri forum
myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 12 döwletinden gelen döredijilik
ulgamynyň wekillerini birleşdirip, festiwaly geçirmek başlangyjynyň esasynda
goýlan parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlarynyň mizemezliginiň aýdyň
beýanyna öwrüldi.
Hepdäniň
dowamynda döredijilik täzeliklerine we ýatdan çykmajak duşuşyklara baý bolan
baýramçylyk ak mermerli paýtagtymyzda dowam etdi. Festiwalyň maksatnamasy
daşary ýurtlaryň teatr toparlarynyň 14-siniň çykyşlaryny öz içine aldy. Türkmen
sungatyna ýurdumyzyň esasy teatrlary wekilçilik etdiler. Artistleriň çykyşlary
Aşgabadyň ajaýyp sahna meýdançalarynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagy
bilen geçdi.
Festiwalyň
jemleýji güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda kärdeşler teatryň ösüşiniň
häzirki ýagdaýyny, geljekki gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri ara alyp
maslahatlaşdylar.