milli goshun logo
Aşgabatda halkara sport ýaryşy başlandy
Aşgabatda halkara sport ýaryşy başlandy
24.04.2025 131 Sport

Düýn – 23-nji aprelde paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşdylar. Bu waka türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Milli we guşakly alyş göreşi türkmen halkynyň hem-de dostlukly halklaryň gahrymançylykly ruhuny, edermenligini, sport medeniýetini alamatlandyrýan göreş sportunyň görnüşleridir.

Birinji günüň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary jemi 14 medal gazandy.