milli goshun logo
Aşgabatda Halkara haly we dokma önümleri sergisi geçiriler
Aşgabatda Halkara haly we dokma önümleri sergisi geçiriler
13.05.2019 758 Habarlar

26-27-nji maýda Aşgabatda Halkara haly we dokma önümleri sergisi geçiriler. Sergini Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi bilelikde gurnarlar.   

Türkmenistanda her ýylda 1 million tonnadan gowrak pagta hasyly alynýar. Bu bolsa dokma senagaty üçin esasy çyg mal bolup durýar. Ýetişdirilen çyg malyň agramly bölegi ýurdumyzda bar bolan dokma fabriklerinde gaýtadan işlenilýär.

Daşary ýurtlara eksport edilýän Türkmenistanyň dokma önümleriniň esasy bölegi dünýä meşhur Puma, Wal-Mart, Bershka, Pool&Bear, River Island, Cosco ýaly brendleriň sport eginbaşlary we jinsileridir. Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginde ýarysyna golaýy ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen 70-den gowrak fabrik bar.