14-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginde Aşgabat şäherine GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça
Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin gelen bu Geňeşiň
başlygynyň orunbasary I.Kuzmin bilen duşuşyk geçirildi.
Myhman Türkmenistan tarapyndan GDA-nyň Tohumçylyk
meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň
geçirilmegi boýunça alnyp barylýan taýýarlyklaryň ýokary derejesini belläp
geçdi we bu çäräniň oba hojalyk ulgamynda, has takygy GDA
gatnaşyjy-döwletleriniň arasynda tohumçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine agramly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Gepleşikleriň barşynda
Türkmenistan tarapyndan agrosenagat toplumynyň ösdürilmegi boýunça alnyp
barylýan möhüm hereketler bellenilip geçildi.
Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde wekiliýet özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdürilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklary geçirerler.