15-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 2020-nji
ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag
ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmäge degişli mesele barada habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, degişli teklip ýurdumyz tarapyndan Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji maslahatynyň barşynda beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp we deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag
ministrleriniň 2020-nji ýylda Halkara maslahatyny geçirmek baradaky meselä
degip geçip, strategiki ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Häzirki zaman şertlerinde bu ulgam dünýä
ykdysadyýetiniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna
gönüden-göni täsir edýän esasy ugur bolup durýar.
Milli
Liderimiz bular barada aýtmak bilen, öňümizdäki foruma ýokary guramaçylyk
derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum Aşgabatda
geçirilen BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň barşynda
başlanan işi ösdürmegiň esasy tapgyrlarynyň birine öwrülmelidir.