21-nji awgustda
Türkmenistanyň paýtagtynda Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň
ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna
ýetirýän täsirleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça tegelek stol geçirildi. Çäre Birleşen Milletler
Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy
tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen
bilelikde guraldy.
Tegelek stoluň
işine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda
Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba
hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika
baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa
institutynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri
gatnaşdylar.
Tegelek stoluň umumy maksady şu ýyl ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleri boýunça geçiren baha bermeleriniň netijeleriniň görkezilmeginden ybaratdyr.