30-njy iýulda
paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň
halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi
sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk
gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp
taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy öz işine
başlady.
Araly halas
etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndan
23-nji awgustyna çenli aralykda geçirilen mejlislerinde kabul edilen çözgütlere
laýyklykda, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Döwletara utgaşdyryjy suw
hojalygy topary, Durnukly ösüş boýunça döwletara topar bilen bilelikde milli
bilermenleri we halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen ADSM-4 maksatnamasyny işläp
taýýarlamak tabşyryldy.
Ol suw
serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady;
institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça amala
aşyrylýar. Bu işler Durnukly ösüş maksatlary, Howanyň üýtgemegi hakynda
ylalaşyk hem-de degişli milli maksatnamalar boýunça ýurtlaryň borçnamalaryny
nazara almak bilen amala aşyrylýar.
Iki günlük
Aşgabat duşuşygynyň gün tertibi dört ugruň her biri boýunça ADSM-4
maksatnamasyny işläp taýýarlamak we döretmek, şeýle hem AHHG-nyň guramaçylyk
düzümini we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly taslama
teklipleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny we ylalaşylmagyny öz içine alýar.