19-njy aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek, hususan-da, Aşgabat şäherinde agyz suwuny sarp edijiler bilen hasaplaşyklary we hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan bu Konsepsiýasy 2025-nji ýyla çenli amala aşyrylar.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýanynda hasaplaşyk merkezi döredildi, bu ýerde suwy ulanýanlar hakynda maglumatlar, şol sanda salgylar, suwuň sarp edilen görkezijileri, tölegler elektron görnüşinde ýerleşdirildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary tölegleri öýjükli telefonlar, Internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler.