26-njy iýunda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Raýat
awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) meýilnamasyna laýyklykda uçuşlaryň
howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň gözegçiligi boýunça amala aşyrylýan işler,
şeýle hem Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça uçuşlara taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi.
Bu ugur
boýunça ilkinji göni uçuşy amala aşyrýan ýolagçylaryň hatarynda milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna degişli işgärleriň, syýahatçylaryň, habar
beriş serişdeleriniň wekilleriniň bardygyny bellemeli. Aýratyn-da, bu ugur
boýunça uçuşy amala aşyrýan ýolagçylaryň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň bolmagy, iki döwletiň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň
ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly,
Türkmenistan bilen ICAO-nyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde uçuşlaryň howpsuzlygyna
gözegçilik etmek bilen bir hatarda, awiasiýanyň kanunçylygynyň düzgünlerini
berjaý etmek boýunça, raýat awiasiýasynyň işlerini guramaga, uçuşlara we howa
gämileriniň ýaramlylygyna hem-de beýlekilere gözegçilik geçirilýär.