11-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk
arkaly iş maslahatynda milli Liderimiz şol birwagtda Aşgabat şäheriniň
häkimi Ş.Durdylyýewi hem-de Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowy
çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan
işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ulaglaryň sazlaşykly hereketini,
ýangyn howpsuzlygyny, şeýle hem degişli tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
IIM-niň ähli gulluklarynyň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belläp, ugurdaş
desgalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we
paýtagtymyzyň çäginde ministrlige degişli gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň
taslamalary bilen tanyşdy.
Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimiziň
garamagyna Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän
ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň we sport toplumynyň desgalarynyň taslamalaryny
hödürledi hem-de şolaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.