milli goshun logo
«Aşgabat» myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi
«Aşgabat» myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi
03.01.2019 984 Habarlar

Düýn «Aşgabat» myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň guran çäresiniň maksatnamasy şatlykly wakalara baý boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň estrada ýerine ýetirijileri, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar.

Düýn guralan dabaranyň maksatnamasyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ýurdumyzyň ýeten derejesini we bagtyýar çagalygy wasp edýän ajaýyp eserler girizildi.

Bu ýerde guralan aýdym-sazly dabaranyň dowamynda gyzykly oýunlar, özboluşly bäsleşikler geçirildi. Sirk artistleriniň we belli tans toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Dabara gatnaşýan çagalar berilýän sowallara uly höwes bilen jogap berip, dürli ugurlar, şol sanda ýurdumyzyň döwlet nyşanlary, milli gymmatlyklary, sungat eserleri boýunça bilimlerini we ukyplaryny aýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň agtyklary Kerimguly Berdimuhamedowyň, Ysmaýyl Amanowyň, şeýle hem ýaş aýdymçy Döwran Şammyýewiň aýdan aýdymlary dabaranyň has tolgundyryjy pursady boldy. «Güneş» toparynyň häzirki zaman saz äheňleri astynda ýerine ýetirilen bu aýdym iňlis dilinde ýaňlanyp, dabara gatnaşýan körpelere baýramçylyk şatlygyny, ýatdan çykmajak täsirleri eçildi.

Bularyň ählisi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçjek 2019-njy ýylyň ilkinji günleriniň uly ruhubelentlige beslenýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Bagtly çagalygyň ýurdunda ýaşaýan körpe nesiller döwrebap derejede bilim alyp, sazlaşykly ösýärler we döredilýän mümkinçilik hem-de yzygiderli alada üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdýarlar.