milli goshun logo
«Aşgabat bahary» bäsleşigine onlarça gysgametražly filmler gatnaşýar
«Aşgabat bahary» bäsleşigine onlarça gysgametražly filmler gatnaşýar
05.05.2021 601 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Owal habar berşimiz ýaly, ýurduň teleýaýlymlar we kinematografiýa baradaky Döwlet Komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Aşgabat bahary» filmler baýramçylygynyň guramaçylyk işleri amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bu döredijilik gözden geçirişligi ilkinji gezek guralýar. Oňa «festiwal» diýilse-de, hakykatdan ol ýaş ssenariçileriň, aktýorlaryň we kinooperatorlaryň özara bäsleşigidir.

Gysgametražly çeper film žanrynda ýeňijiler üçin dürli baýraklar we sylaglar göz öňünde tutulandyr. Bäsdeşlige hödürlenýän işler HD (MP4, MHF) formatda bolmalydyr. «Aşgabat bahary» bäsdeşliginiň netijeleri 22-nji maýda jemlener. Bir günden soň bolsa «Aşgabat» kinoteatrynda ýeňijilere ýadygärlik baýraklary we sylaglar gowşurylar. Iň gowy film ýörite baýrak bilen bellener. Guramaçylar «syr» saklamak bilen, festiwal heýkeljiginiň nähili boljakdygyny hakdaky maglumaty öňünden aýtman gizlin saklaýarlar.

«Milli goşun».