milli goshun logo
Aşgabadyň 140 ýaşly daragtyny gördüňizmi?!
Aşgabadyň 140 ýaşly daragtyny gördüňizmi?!
24.04.2021 2608 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

O goja daragt şäheriň çetinde däl – merkezinde. Has anygy, ol Aşgabat demir ýol menziliniň golaýyndaky öňki demirýolçular (häzirki Köpetdag sport toplumynyň Bedenterbiýe we sagaldyş toplumynyň) seýilbagynda. Bu ýerde üç asyryň şaýady bolup oturan daragty görseň, özüňi tebigatyň janly muzeýine syýahata gelen ýaly duýýarsyň.

140 ýaşly daragt, göýä açylmadyk planeta kysmy syrly bolup görünýär. Ol seýilgähde baglaryň gojasy kimin agras. Onuň asyrlar aşan kökleri baryp nirelere uzadyka?!

Diňe adam garranda ýüzüne ýygyrt düşýärmikä diýýärdik. Bag hem edil adam ýaly. Onuň hem ýaşy bir çene baryberende, agajy ýygyrt atmak bilen eken. Bu daragtyň ýygyrtlary seni uzak geçmişe dolaýar, Aşgabadyň taryhyny hakydaňda janlandyrýar. Ol saňa asyrlaryň janly şaýady hökmünde mesawy gürrüň berýän ýaly.

O daragt, aýdyşlaryna görä, 1881-nji ýylda oturdylan! Gör-le, Aşgabat bilen ýaşytdaş bu daragt niçe ýyllaryň şaýady. Ol Aşgabadyň demir ýol menziliniň gurluşygyny, şeýle hem 1885-nji ýylda ilkinji demir ýol ulagynyň gelşini şu günki ýaly bilýändir. Heniz demir ýol menzili gelmezinden ozal, oňa-muňa düýeli, eşekli, atly-arabaly gatnalýan döwürleri-de ýolagçylar onuň töwereginde goş ýazdyrandyrlar. Tut agajy 1881-nji ýyldan bäri dürli döwürleriň ulaglarynyň sesini eşidip gelýär. Birwagtlar seýilgäh demir ýol menzili üçin iň bir amatly ýer bolup, ýolagçylaryň garaşýan, dem-dynç alýan künjegi eken. Garaz, bu daragty kimler görmedi?!

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahatçylygy diýjekmi, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň külpetli günleri diýjekmi... garaz, goja daragt o günlere döz gelendir, elbetde.

Ol Aşgabada – Ashabad diýilýän döwürleri-de, bal ýaly tudanasy üçin şahasyna el uzadylan daragtdy. Şol döwrüň çagalary onuň tudanasyndan agyzlary tagam tapandyr. Onuň miwesi saglyga-da şypadyr.

Mahlasy, tut agajynyň yrýa zady ýok. Ondan sungat döreýär. Onuň agajyndan owaz döreýär, ýapragyndan ýüpek önýär. Tut agajyndan ýasalan ak öýüň gapysy-da berdaşly bolýar. Milli gap-gaçlarymyz – tabakdyr çemçe-de, tut agajynyň önümi. Diňe şu mysallardan aňlasaň-da, tut agajynyň türkmeniň durmuşy bilen bir bitewidigini görkezýär.

Bagyň daşky gurşawa peýdasynam aýtsaň: «Sanasaň, sogaby bar» diýleni.

Bag – howanyň tämizligi, ekologiýa abadançylygy, daşky gurşawyň görki-gözelligi. 2021-nji ýylymyzyň nyşanynda-da derek agajynyň bolmagy bagyň ýaşaýşyň sütünidigini görkezýär.

***

Tut berkligiň, çydamlylygyň agajy hasaplanýar. Aşgabatly Ýazgeldi Muhammetgeldiýewiň gürrüňi edilýän daragt bilen tanyşlygyna 34 ýyl geçipdir. Ol bagyň gadyr-gymmatyna gowy düşünýär.

– Tut agajynyň köküniň ýaýrawy güýçli bolýar. Şonuň üçin tut suwsuzlyga-da çydamly. Ýöne baga aýawly garalanda, ol şonça-da sagdyn bolýar.

Bag adama diňe peýda getirýär. Bagyň jany – tebigatyň, adamzadyň jany – diýip, Ýazgeldi aga aýdýar.

Hawa, bag adama diňe peýda getirýär. Şonuň üçin ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy her ýyl guralýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Karary hemmeleri begendirdi. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek baradaky iňňän uly aladasyndan nyşandyr. 

***

... 140 ýaşly goja daragt indi ýüzlerçe ýyl bäri pyntyklap gelýär. Ýazyň ýakymy daragtyň ömrüne ömür goşýar.

Şahyr Mämmet Seýidow: «Bahar güni, tebigatyň toý güni» diýýär. Bu toý – şu ýyl Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen ulaşyp geldi. Bu daragt Aşgabadyň taryhy üçinem bahasyz gymmatlyk. XIX asyra degişli goja daragt paýtagt şäherimiziň diňe tarypa däl, eýsem taryha-da baýdygyny äşgär edýär.

140 ýaşyň gutly bolsun, Aşgabat!

140 ýaşyň gutly bolsun, goja daragt!

Parahat ýurdumyzyň asudalygynda, ýaşyňyz asyrlardan – asyrlara uzasyn!

 

Guwanç MÄMIÝEW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.