milli goshun logo
Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
01.06.2019 426 Habarlar

31-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi boldy.

Şu ýyl GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanda geçirilýän mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada Arkalaşygyň ýurtlarynyň hökümet wekiliýetleri geldi. Ozal habar berlişi ýaly, forumyň öň ýanynda — 30-njy maýda milli Liderimiz GDA döwletleriniň käbiriniň wekiliýet baştutanlaryny kabul etdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibi tassyklanylandan soňra duşuşyga gatnaşyjylara GDA-nyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmagy teklip edip, olara söz berdi.

Çäkli düzümde geçirilen mejlisde açyk we düýpli pikir alyşmalar bolup, ilkinji nobatda, ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal öňe süren Arkalaşygyň çäklerinde strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda konseptual resminamany taýýarlamak hakynda başlangyjynyň ähmiýetini we zerurdygyny aýratyn belledi. Onuň taslamasyny türkmen tarapy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürledi hem-de Arkalaşygyň döwletlerinde deslapdan ylalaşyldy.

Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama adyna eýe bolan bu resminama häzirki wagtda gutarnykly ylalaşma ýagdaýynda dur. Bu Jarnama GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň güýzde geçiriljek mejlisinde gol çekiljekdigine umyt baglamak bilen, Sergeý Lebedew oktýabr aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek şol duşuşyga häzir eýýämden taýýarlyk görülýändigini belledi. Öňde boljak sammitiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam edýän birnäçe ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Mejlis jemleri boýunça Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy belledi. Şolaryň hatarynda intellektual eýeçilige hukuklary goramak babatda GDA gatnaşyjy döwletleriň gümrük edaralarynyň özara gatnaşyklary hakynda Ylalaşyk; GDA gatnaşyjy döwletleriň düýpli barlaglar babatda döwletara gatnaşyklary utgaşdyrmak hakynda Ylalaşyk; Muzeý işi babatda GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk, şeýle hem ozal kabul edilen resminamalara üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnamalar bar. Olar söwda ulgamynda, harytlary gümrük taýdan resmileşdirme we olara gözegçilik etmek, şeýle hem olary GDA ýurtlarynyň çäklerinden üstaşyr geçirmek babatda Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisi GDA-nyň çäklerinde netijeli köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.