Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust aýyndaky täze
sany okyjylara ýetirildi. Däp bolşy ýaly, neşir eşretli eýýamymyzda gazanylýan
üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere türkmen ýaşlarynyň goşýan goşandyny
wasp edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk
maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen Kararlar baradaky
makala žurnalyň ilkinji sahypalarynda öz beýanyny tapypdyr.
«Ýaşlar forumy: röwşen geljegiň täze gözýetimi» atly
makalada awgust aýynda Hazaryň kenarynda ýaýbaňlandyrlan Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirlen halkara
Ýaşlar forumynyň ýokary ruhubelentlige eýe bolandygyna üns çekilýär. Awaza
milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahata giň orun berlip, forumyň geçiş
tertibi baradaky makalalar okyjylara iňlis dilinde-de ýetirilýär.
«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarkasyna bagyşlanyp ýazylan makala bagtyýar çagalygy wasp
edýär. Rus dilinde beýan edilýän « Ylym we tehnologiýa täzelikleri» atly
makalada döwrüň ösen tehnalogiýalary barada gyzykly söhbet açylýar. Türkmenistanyň
Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp
ýazylan makala bolsa, halypa şahyryň döredijiligine bagyşlanýar. Modell-Weil
teoremasy barada iňlis dilinde berlen makala hem ünsüňi özüne çekýär.
Žurnalyň ahyrky sahypalarynda aýlyk täleýnama orun
berlipdir. Žurnalyň iň bir özüne çekiji sahypalarynyň hatarynda duran
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli yglan
edilen bäsleşigiň düzgünnamasydyr. Elektron neşiriň täze sany «Ýaş waspçy»
bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenilýär.