Düýn – 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.
Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, açyklyga, özara ynanyşmaga, dostluga esaslanýan iň ýokary döwlet derejesindäki dialog türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň esasy şertidir. Iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli gatnaşyklary, dostlugy Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iri taslamalary, uzak möhlete niýetlenen başlangyçlary ilerletmäge güýçli itergi berýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.