Şu gün Türkmenistan
«akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheriniň
açylmagynyň iki ýyllygyny giňden belleýär. Şu mynasybetli bu şäherde dürli
çäreler, şol sanda sergiler, baýramçylyk konserti geçirilýär.
Şanly sene
mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň
ähli ýaşaýjylaryna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.
2023-nji ýylyň 29-njy
iýunynda Arkadag şäheriniň açylmagy bilen, ýurduň raýatlarynyň müňlerçesi täze
iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Şäheriň
birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy.
Bu şäheriň hemmetaraplaýyn oňaýly jaýlarynda öýi dolandyrmakda sanly
tehnologiýalar giňden ornaşdyrylan. Munuň özi ýaşaýjylaryň ösen durmuşyny üpjün
edýär. Şäherde ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur
şertler bar.
2023-nji ýylyň 16-njy
iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze
şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şonda şäheriň edaralaryna we guramalaryna dürli görnüşli awtoulag
serişdeleri, şol sanda elektromobiller hem sowgat berildi.
Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyryndaky işler depginli dowam edýär. Bu tapgyrda hem ähli amatlyklary bolan
ýaşaýyş jaýlary, senagat-önümçilik desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar
gurlup, 2027-nji ýylda ulanmaga berler. Geçen ýyl «Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
«Türkmenistan» gazetinde çap edilen
maglumatlara görä, täze tapgyrda gurulýan desgalar, ýaşaýyş jaýlary şäheriň
birinji tapgyryndakylar bilen sazlaşyp, olaryň üstüni ýetirer. Bu tapgyrda her
biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş
jaýlarynyň 36-sy, 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, şeýle-de 54 öýli,
9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si bina edilýär. Täze gurulýan 72 sany iki öýli, iki
gatly kottejler toplumy hem olar bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Umuman,
häzirki wagtda bu ýerde 180-den gowrak ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy batly
depginlerde dowam edýär. Bu binalara hem «akylly» öý tehnologiýalary
ornaşdyrylýar.
Ýaşaýjylaryň ähli durmuş zerurlyklary göz
öňünde tutulyp, bilim-terbiýeçilik, söwda, hyzmat we beýleki maksatly desgalar
ýaşaýyş toplumlaryna ýakyn aralykda ýerleşdirilendir. «Akylly» şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän
mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna
garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara
binalary, awtomenzil, demir ýol menzili, Çeper halyçylyk kärhanasy, Türkmen
halysynyň we el işleriniň milli muzeýi, seýilgähler, söwda we hyzmat ediş
toplumy bina ediler.
Arkadag şäherinde täze gurulýan metjidiň
gurluşygynda, bezeg aýratynlyklarynda türkmen halkynyň ruhy dünýäsini
alamatlandyrýan milli binagärlik usullary ulanylýar. Häzirden täze metjidiň
minaralary uzaklardan seleňläp görünýär. Onuň içinde birbada müňlerçe adam
namaza durup biler ýaly mümkinçilik dörediler. Şol sanda bu ýerde zenanlara
niýetlenen ýer hem göz öňünde tutulandyr.
Döwrebap şäherde durnukly «ýaşyl»
ykdysadyýete geçmegiň nusgasy hökmünde lukmançylyk klasteriniň önümçilik
toplumyny döretmegiň maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Iki tapgyryň
ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny, ähli inženerçilik düzümlerini birleşdirmekde
sazlaşyklylygyň gazanylandygyny-da bellemek gerek.
Golaýda Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti
bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda
Ähtnama laýyklykda, Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi, şäher
gurluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary
ornaşdyrmaga, suwy, energiýany tygşytlamaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmelerini ösdürmäge, suwy gaýtadan ulanmaga, bu ugurlarda täze taslamalary
işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak babatda hyzmatdaşlyk
ýola goýulýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşmegi we bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk
gelýän saglygy goraýyş desgalarynyň toplumynyň döredilmegi, täze ýola goýulýan
lukmançylyk maksatly önümçilikler Arkadag şäheriniň dünýä nusgalyk saglyk
merkezi hökmündäki halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu
şähere yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, häzirki zaman şähergurluşyk
maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklaýar.
Täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri alnyp
barylýar. Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, şäher ilatynyň
bagtyýar durmuşy we abadançylygy dünýäde uly seslenme tapýar.
Arkadag şäheri degişli Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan şäherdir.