milli goshun logo
Arkadag şäherine iş sapary
Arkadag şäherine iş sapary
05.08.2024 331 Habarlar

Şenbe güni – 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

 Gahryman Arkadagymyza Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar, kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça meýilleşdirilen işler hasabatyň özenini düzdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişlerini girizdi.