Şenbe güni – 7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde
degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň
ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz ekologik taýdan bildirilýän häzirki
zaman talaplaryna we şähergurluşyk maksatnamasyna laýyk derejede bina edilen
täze şäheriň gurluşygynda ylmyň gazananlary bilen öňdebaryjy dünýä tejribesiniň
utgaşdyrylmalydygyny, onuň binagärlik aýratynlyklarynyň ähli babatda ýokary
görkezijilere laýyk gelmelidigini belledi.