«Arkadag» futbol topary
yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy. Döwlet
ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän topar Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda
«Ahal» toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, bu üstünligi gazandy.
Türkmenistanyň Futbol
federasiýasy tarapyndan 2005-nji ýylda esaslandyrylan Naýbaşy Kubogy ugrundaky
duşuşyk her ýyl ýurduň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda geçirilýär.
Geçen möwsümde «Arkadag» topary Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogynyň
ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy. «Ahal» topary bolsa ýurduň Kubogynyň finalçysy
hökmünde Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyga gatnaşdy.
Milli derejede üçünji ähmiýetli
baýrak ugrundaky duşuşyk Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Duşuşykdaky hasaby 19-njy minutda
Rahman Myratberdiýew açdy. Ikinji ýarymda üç gezekki Türkmenistanyň çempionynyň
artykmaçlygyny 57-nji minutda Begenç Akmämmedowyň we 79-njy minutda Şanazar Tirkişowyň
geçiren gollary berkitdi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň
esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredildi.
Topar ilkinji möwsüminde hem Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogy ugrundaky
ýaryşda ýeňiji boldy. Şeýle hem döredilen gününden bäri milli çempionatyň resmi
duşuşyklarynda heniz bir utuk hem ýitirmedi. Soňky iki möwsümde bolsa topar
ýurduň çempionlygy, Kubogy we Naýbaşy Kubogyny gazanyp, üç baýragyň eýesi
boldy. Indi bolsa yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň
eýesi boldy.
Bu üstünlige «Arkadag» toparyny
toparyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi,
2003/04 möwsümde Groznynyň «Terek» toparynyň düzüminde Russiýanyň Kubogynyň,
2013-nji ýylda bolsa «Balkan» topary bilen AFK-nyň Prezident Kubogynyň eýesi
bolan Wladimir Baýramow alyp geldi. Gyzykly tarapy, Naýbaşy Kubogy ugrundaky
duşuşygyň geçirilen güni onuň 46 ýaşy doldy.
Geçen ýylyň maý aýynda «Arkadag»
topary Aziýanyň topar ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji bolan AFK-nyň
Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsüminiň kubogyny gazanypdy. Finalda topar
Kambojanyň «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýle
hem sentýabr aýynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminde
ilkinji gezek çykyş edip, utulan-çykdy tapgyryna çenli baryp ýetdi. 1/8 final
duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyndan iki gezek hem 0:1
hasabynda utuldy.
Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy
ugrundaky bu duşuşyk «Arkadag» topary üçin 2026/27 möwsümdäki AFK-nyň 2-nji
Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda 12-nji awgustda Hindistanyň Naýbaşy
Kubogynyň eýesi «Goa» toparyna garşy geçiriljek öz meýdançasyndaky oýnunyň
öňüsyrasynda möhüm synag boldy. Bu duşuşykda ýeňiş gazanylsa, Wladimir
Baýramowyň şägirtleri ýene-de AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn
tapgyrynda çykyş eder. Ýeňliş ýagdaýynda bolsa, topar halkara möwsümini
Aziýanyň topar ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji bolan AFK-nyň Çagyryş
ligasynda dowam etdirer.