2019-njy ýylyň 13-nji martynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe
Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler
geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň
orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ankara geldi.
Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda,
esasan iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer gatnaşyklar baradaky meselelere garaldy, şeýle hem sebit we
halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar bu ugurlarda özara bähbitli
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we geljekdäki
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda, Türkmenistanyň
wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz
Selim Kyran bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar dürli ugurlarda iki
ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşygyň ýagdaýyna seljerme geçirdiler.
Türkmen tarapynyň bu gatnaşyklary deňhukukly ýörelgeler esasynda mundan
beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygy nygtaldy. Türk tarapynyň hem
dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemme ugurlarda has-da ýaýbaňlandyrmaga uly
ähmiýet berýändigi bellenip geçildi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň özara gelip gitmekleri bilen bagly meseleler hem aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy.