milli goshun logo
Ankarada TDG-niň agza we synçy döwletleriniň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Ankarada TDG-niň agza we synçy döwletleriniň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
23 sagat öň 33 Habarlar

2025-nji ýylyň 8–9-njy iýuly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň synçy we agza ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda bolsa oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine laýyklykda syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýär.

Islendik ýurtda bolşy ýaly, syýahatçylyk ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisidir. Şeýlelikde Türkmenistan ösüş üçin ençeme çäreleri durmuşa geçirýär. Bu çäreler diňe bir içerki syýahatçylyk ugurlaryny giňeltmek we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşine, şeýle hem Türkmenistanyň halkara derejesinde özüne çekiji syýahatçylyk ýurdy hökmünde abraýyny berkitmäge gönükdirilendir.