milli goshun logo
“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy
“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy
30.08.2018 834 Habarlar | Sport

Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary iki oýnuň jemi boýunça “Bengaluru” hindi toparyny ynamly ýeňip, AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy.

Bir hepde mundan ozal bu toparlaryň arasynda Bengalorda geçen oýun Türkmenistanyň dört gezek çempionynyň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçen jogap oýnunda “Altyn asyr” öz garşydaşyny 2:0 hasabynda ynamly utdy.

Sport synçylarynyň öňden beren bahalaryna laýyklykda, Hindistanyň ýokary ligasynyň ýeňijisi bu jübütde öňdebaryjy hasap edilýärdi. Munuň üçin düýpli esas hem bardy. 2016-njy ýylda “Bengaluru” AFK-nyň Kubogynyň finalyna çenli ýetipdi. Geçen möwsümde bolsa bu aýgytlaýjy tapgyryň bir ädim bärsinde saklanypdy. Mundan başga-da, bu hindi topary ispan futbolynyň iki oýunçysyny, awstraliýaly Erik Paartaluny we wenesuelaly Miku Fýodry almak bilen öz düzümini düýpli güýçlendiripdi. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň kluby oýunlaryň ikisinde-de özüniň meşhur garşydaşyny ynamly utdy.

“Biziň öz meýdançamyzda “Altyn asyra” garşy oýnamagymyz maňa ýaramady. Aşgabatdaky jogap oýnuna birnäçe üýtgetmeler, şol sanda oýunçylaryň taktiki ýerleşdirilişinde özgertmeler bolar” diýip, Bengalurynyň baş tälimçisi, 49 ýaşly ispan hünärmeni Karles Kuadrat oýnuň öň ýanynda metbugat maslahatynda aýtdy.

Barselonanyň futbol akademiýasynyň uçurymy öň türkleriň “Galatasaraýynda”, Saud Arabystanynyň ýygyndy toparynda meşhur gollandiýaly Frank Raýkardyň tälimçiler ştabynda kömekçi, şeýle hem 2016-njy ýylda “Bengalurunyň” baş tälimçisiniň kömekçisi hökmünde işläpdi. Şu ýyl bolsa ol bu futbol toparyna ýolbaşçylyk etdi.

“Altyn asyryň” baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew: “Oýunçylaryny öz meýdançalarynda boljak bäsleşikde ýeňişli netijä ruhlandyrmak bilen birinji oýunda artykmaçlyk gazanandygyna garamazdan, Türkmenistanyň çempionynyň jogap oýny arassa sahypadan başlanar” diýdi.

Oýnuň birinji ýarymy türkmen aragatnaşykçylarynyň düýpli artykmaçlygy bilen geçdi, onda, esasan, Altymyrat Annadurdyýewiň we Wahit Orazsähedowyň çakganlyklaryndan başarnykly peýdalanyp, hüjüme üns berildi. Olaryň oňat oýnamaklary netijesinde derwezesiniň agzyndaky ilkinji pursat 6-njy minutda döredi. Ýöne, Annadurdyýew jerime pökgüsini derwezeden birneme ýokardan urdy. 7 minut geçenden soňra eýýäm W.Orazsähedowa pökgi geçirmäge mümkinçilik döredi. Ýöne ol meýdançanyň çep tarapyndan gönükdirilen pökgä biraz ýetişmedi. Oýnuň 17-nji minudynda Mekan Aşyrowyň urgusyndan soňra pökgi ýene-de “Bengaluruň” derwezesiniň agzynda peýda boldy. Ýöne şübheli oýundan daşary ýagdaý bolanlygy üçin pökgi hasap edilmedi.

Myhmanlar oýnuň 18-nji minudynda jerimeden, 23-nji minudynda bolsa burçdan ilkinji gezek “Altyn asyryň” derwezesine pökgi urdular. “Bengaluru” iň bir howply pursady oýnuň 18-nji minudynda döretdi: meýdançanyň merkezinde pökgä eýelik eden iki oýunçy bir goragçyly derwezä çykdylar. Olaryň biri garşydaşyndan daşlaşmaga synanyşanda jerime urgusyny bilgeşleýin talap edip, meýdançada ýykyldy. Emma emin ýagdaýa dogry baha berip, başgaça netije çykardy we hüjüm edýän Mikä sary duýduryş berdi. Netijede, toparlar hiç bir hasaby açmazdan arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymynda türkmenistanlylar okgunly hüjümi dowam etdiler we 50-nji minutda olaryň yhlasy ýerine düşdi. Bu hasaby Altymyrat Annadurdyýew burçdan uzakdan uran ajaýyp pökgüsi bilen açdy. Munuň özi türkmen futbolçylarynyň oýunda ussatlyklarynyň netijesi boldy. Hindi futbolçylary hasaby deňlemek üçin okduryldylar hem-de oýnuň 15-nji minudynda olara oýny deňlemäge ajaýyp mümkinçilik döredi – bize eýýäm belli bolan wenesuelaly Miku golaý aralykdan pökgini urdy, ýöne bu pursatda-da, oýnuň bütin dowamynda-da derwezeçi Mämmet Orazmuhammedow derwezäni ynamly gorady.

Ýene 3 minut geçenden soňra türkmen aragatnaşykçylary “Bengalurunyň” derwezesiniň agzynda gaýtadan howply pursat döretdiler. Mekan Aşyrow 30 metrlik aralykdan bar güýji bilen hindileriň derwezesine pökgini urdy. Ýöne pökgi derwezäniň ýokarky sütünine degip, soňra Wahit Orazsähedowyň golaýyna düşdi. Ol bolsa pökgüni hiç bir päsgelçiliksiz derwezäniň boş toruna gönükdirdi. Şeýlelikde, hasap 2:0 boldy. Iki oýnuň jemini jemläp alanyňda bolsa hasap “Altyn asyryň” peýdasyna 5:2 bolup gutardy.

Karles Kuadratanyň oýunçylary kyn ýagdaýa düşendiklerine garamazdan, hüjümi dowam etdirdiler we howply pursatlaryň ikisini döretdiler. Aýratyn hem Sunil Çetri hindilere hasaby açmakda ynamly oýnady. Ýöne pökgi golaý aralykdan derwezeçiniň eline, soňra derwezäniň sütünine degip, meýdançadan daşyna çykdy.

Oýnuň soňunda meýdançanyň eýelerine ýene bir mümkinçilik döredi. Goşulan wagtda Mihail Titowyň Altymyrat Annadurdyýewe geçiren pökgüsi derwezäniň sütüniniň golaýyndan geçip gitdi. Şeýlelikde, Aziýanyň klub bäsleşiginde ähmiýeti taýdan ikinji derejede bolan oýunda özüniň ýeňişli tapgyryny dowam etdirýär. Ol indi Inter zolagynyň finalynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” topary bilen oýnar. Bu topar ýarym finalda Singapuryň “Houm Ýunaýtedini” myhmançylykda 2:0 we öz ýerinde 9:1 hasabynda utdy.

Geljekki tapgyra çykmaga hukuk gazanmak ugrundaky ikinji duşuşyk 19-njy sentýabrda KHDR-de, jogap oýny bolsa 3-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler.