milli goshun logo
«Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
«Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
25.05.2019 684 Habarlar

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä äşgär etmäge we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga ýardam eder.

Eziz adamlar! 

Gadyrly dostlar!

Häzirki döwürde gözel paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda her ýyl geçirilýän bu halkara sergide hödürlenýän taslamalaryň aglabasy boýunça bu günki gün şäherimizi bezeýän ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrýar. Gurulýan döwrebap ak mermerli binalaryň hasabyna soňky ýyllarda gözel paýtagtymyzyň çägi barha giňeldilýär, Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär.

Aşgabat şäheriniň çäginde döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, ilata hyzmat ediş desgalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň dynç almaklary üçin niýetlenen seýilgähleriň gurulmagy dowam etdirilýär. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen bilelikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Aşgabat şäheriniň ilaty üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şerti hökmünde öňe sürülýär, onuň ekologiýa derejesini saklamak hem esasy talaplaryň biri bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň gök zolaklary we bagy-bossanlygy şäheriň görküne görk goşýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar. Türkmenistanyň paýtagty ýurduň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdigine berk ynanýaryn.

Şu gezekki sergi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrylýan meýdança öwrüler. Bu sergi Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, onuň durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar.

Hormatly adamlar! 

Gadyrly myhmanlar!

Aşgabat şäherinde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin örän amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu belent maksadyň türkmen paýtagtynda geçirilýän şu serginiň dowamynda dolulygyna öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.