Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Ak
şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen
tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Her ýylyň
25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenmegi türkmen paýtagtynyň
ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu
baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi
asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we
özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn!
Bu şanly
waka mynasybetli geçirilýän halkara sergisinde ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp
keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş,
aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent
derejeleri öz beýanyny tapýar. Bu köpugurly serginiň ata Watanymyzyň ýüregi
hasaplanýan Aşgabadyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä äşgär etmäge,
halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, uly ösüşleriň gazanylmagyna
ýardam etjekdigine, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilip,
paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň
amatly şäherleriniň birine öwrülmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!
Bu halkara
sergisiniň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň
giňden bellenýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda
geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalary,
bagy-bossanlyga, ter güllere beslenen görki, seýilgähleri, suw çüwdürimleri,
giň şaýollarydyr köçeleri, bezeg heýkelleridir ýadygärlikleri, ýaşaýyş
toplumlary, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun tapan
desgalary bilen haýrana goýýan Aşgabat bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň
we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bolsa, sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berdi.
Häzirki
döwürde gözel paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine
öwrüldi. Soňky ýyllarda her ýyl geçirilýän bu halkara sergisinde hödürlenýän
taslamalaryň aglabasy esasynda bu günki gün şäherimizi bezeýän ajaýyp binalaryň
ençemesi guruldy. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da
artdyrýar. Gurulýan döwrebap ak mermerli binalaryň hasabyna soňky ýyllarda
gözel paýtagtymyzyň çägi barha giňelýär, Aşgabat şäheri halkara derejesindäki
syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär.
Aşgabadyň
seýilgähler şäheri diýlip atlandyrylmagy hem tötänden däldir. Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, «Saglyk»
ýollaryny, seýilgähleri döretmek döwlet syýasatynyň has möhüm ugurlarynyň
birine öwrülýär. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheriniň ilaty üçin amatly ekologiýa
gurşawynyň döredilmegine paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şerti hökmünde aýratyn
ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzdaky onlarça seýilgähler, müňlerçe düýp agaç
nahallary we ajaýyp güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda,
halkymyzyň bagtyýar durmuşyna hem özboluşly öwüşgin çaýýar.
Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda ençeme
binalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Şol desgalaryň
hatarynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, Hökümet münberi we kaşaň
myhmanhananyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik hem-de «Senagat»
paýdarlar-täjirçilik banklarynyň binalary, akyldar şahyrymyz Magtymguly
Pyragynyň ýadygärligi, Welosiped binasy bar. Şeýle hem Bekrewe köçesiniň
ugrunda gurulýan Halkara ýanyk şikesleri bejeriş merkezi, Halkara howa
menziliniň golaýynda bina edilýän «Garagum» myhmanhanasy we seýilgäh,
paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň, «Nusaý» myhmanhanasynyň täze
tapgyrynyň binalary we beýleki binalar bolsa, ak şäherimiziň hakyky gurluşyk
meýdançasyna öwrülendigini aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we
sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk
goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary
hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar. Türkmenistanyň paýtagty ýurduň
dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip,
ýetilýän belent sepgitleriň geriminiň has-da giňeljekdigine berk ynanýaryn!
Gadyrly
myhmanlar!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly
halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny we bagtyýar durmuş, alyp barýan asylly işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.